Bu işimizde WinAPI funksiýalary ulanmak arkaly Assembler programmirleme dilinde programmalary döretmegi mümkin edýän, interfeýsi türkmen dilinde bolan programma emulýatoryny döretmek bilen bagly bolan meselelere seredilýär. Işiň netijesinde degişli programma üpjünçiligi döredildi. Programma öz düzüminde onlarça WinAPI funksiýalary saklamak bilen Assembler diliniň emulýatoryny Windows operasion ulgamynyň gurşawynda goýbermegi mümkin edýär. Programma assembler koduny kompillirlemegiň birnäçe usulyny hödürleýär.
Öň MS-DOS ulgamynda işlemäge niýetlenen Turbo Assembler wersiýasy arkaly sapakda 2-3 mysala seredilip ýetişilýän bolsa,täze döredilen önüm arkaly
7-8 mysala seredilýär, programma öňki ulanylýan wersiýa garanyňda aşakdaky
artykmaçlyklara eýe:
- Interfeýsi türkmen dilinde ýerine ýetirilen
- Windows gurşawynda kemçiliksiz işleýär;
- programma kodlar bilen edil resminamalar bilen işlemek düzgünini üpjün
- edýär;
- programma kodundaky operatorlaryň tapawutlandyrylmagy;
- kompilirleme prosesi tizleşýär;
- rusça we türkmençe kömek bölüminiň bolmagy;
- sorag-jogap ulgamynyň elýeterli bolmagy;
- ýalňyşlary operatiw düzedip bolýar;
- türkmen dilinde programmirlemek bolýar.
- debugger-sazlaýjynyň programmanyň özünde ýerleşdirilmegi.
Ylmy işiň çäginde mazmuny boýunça tutuş programma we öwrediji toplum bolup durýan programma üpjünçiligi döredildi.
Operatiw sistemasy: Windows xp, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x), Windows 8 (32x).