2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda merkeziň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şahamçasynyň binasynda Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy açyldy. Şahamçada 400-e golaý diňleýjisi bolup, merkeziň işini kämilleşmegi üçin öz goşandyny goşýar. Şahamçada dürli ugurlardan hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak we hünär okuwlar geçirilip, diňleýji höküminde diňe nebitgaz pudagynyň hünärmenleri bolman, eýsem dürli ýerli we daşary ýurt kärhanalaryň hünärmenleri okaýarlar.
BILELIKDÄKI HYZMATDAŞLYK

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak, okuw kurslaryny geçirmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabryndan başlap, Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Hünär-tehniki okuw mekdebi bilen bilelikdäki özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama esasynda okuwlar geçirilýär.
Şertnamanyň maksady, diňe bir Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak, okuw kurslaryny geçirmek işleri bolman, eýsem Türkmenbaşy şäherinde zähmet çekýän dürli ýerli we daşary ýurt kärhanalaryň hünärmenlerine dürli ugurlarda dünýä tejribesini seljerip, häzirki zaman bilimini bermekdir ybarat.