tm en ru
img

Ylmy-barlag işleri

Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde bir näçe ylmy-barlar işleri alnyp barylýar. Alnyp barylýan ylmy-barlag işleri üç görnüşden ybarat bolup, olar: düýpli barlaglar, tejribe ähmiýetli barlaglar, eksperimental işläp taýýarlamalar degişlidir. Esasan hem, täze bilimleri ele almak maksady bilen, anyk tejribe meselelerini ýerine ýetirmek, barlaglaryň esasynda alnan bar bolan bilimlere esaslanýan ulgamda önümçilige gönükdirilen täze ýa-da öňden bar bolan materiallary, önümleri, gurluşlary kämilleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.