tm en ru
img

Resminamalar

Innowasiýa ylmy-okuw merkezi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda № 25220425 belgi bilen bellige alyndy.

Türkmenistanyň ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi birnäçe işleri ýerine ýetirýär.

Olaryň arasynda,

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen № 1-15-24-132 belgili ygtyýarnamasyna laýyklykda:

- 85.33.10 - Hünär taýýarlygy;

- 85.59.10 - Işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak;

- 85.59.00 - Beýleki toparlara goşulmadyk bilim boýunça işler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan berlen 1-22-20-106 belgili ygtyýarnamasyna laýyklykda:

- 62.01.00 - Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak;

- 43.21.20 - Maglumaty işläp taýýarlaýjy we saklaýjy serişdeleriň toplumyny (serwerler toplumyny) we aragatnaşyk (tor) enjamlaryny gurnamak, düzmek, tehniki hyzmatlary bermek işlerini amala aşyrmak.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berlen 1-2-7-49 belgili ygtyýarnamasyna laýyklykda:

- Tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça 71.12.91 - Daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamak bilen bagly işler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan berlen № 18945 belgili haryt nyşanyň şahadatnamasy