Ylmy-barlag, önümçilik işleri
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi diňe bir okuw işleri bilen çäklenmän, eýsem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, ylmy-önümçilik tejribeleri geçirmek, önümçilik bähbitli işleri ýola goýmak ýaly çäreleri amala aşyrýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde synag tejribeleri geçirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek boýunça möhüm işleri amala aşyrýar.
Merkeziň ylmy-barlag işleri
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirligi bilen, “Marygazçykaryş” müdirliginde işläp geçilýän gaz känleriniň ulanyş guýularynda önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy tejribe kömegini bermek” atly ylmy-tehniki önümleri döretmek (geçirmek) baradaky şertnama baglaşdylar. Şertnama dört tapgyrdan ybarat bolup, merkez tarapyndan şertnamanyň dört tapgyrlary doly 2023-nji ýylyň aprel aýynda ýerine ýetirildi.
Merkez “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkannebitgazgözleg ekspedisiýasy” bilen “Ýurdumyzyň ýerli çig mallary esasynda buraw we tamponaž erginleriň täze düzümlerini işläp düzmek” atly ylmy-tehniki önümleri döretmek (geçirmek) baradaky şertnama baglaşdylar. Şertnama iki tapgyrdan ybarat bolup, merkez tarapynda işi doly 2022-nji ýylyň 31-nji dekabrynda doly ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirligi bilen, “Marygazçykaryş” müdirliginde Önümi peselýän gaz guýularynyň durnukly tehnologiki iş düzgünini işläp taýýarlamak” atly ylmy-tehniki önümleri döretmek (geçirmek) baradaky şertnama baglaşyldy. Olardan daşary “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi bilen, “Lebapgazçykaryş” müdirliginde işläp geçilýän gaz känleriniň ulanyş guýularynda önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy tejribe kömegini bermek” atly ylmy-tehniki önümleri döretmek (geçirmek) baradaky şertnama baglaşyldy. Şertnamany 2023-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak göz-öňünde tutulýar.
2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkannebitgazgözleg ekspedisiýasy” bilen “Ýurdumyzyň ýerli çig mallary esasynda buraw we tamponaž erginleriniň düzümlerini işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak” atly ylmy-tehniki önümleri döretmek (geçirmek) baradaky şertnama baglaşyp, ony 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýerine ýetirmek göz-öňünde tutulýar.
Merkeziň önümçilik işleri
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda 2020-nji ýyldan başlap, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň saýlap alan ugurlary boýunça hünär-bilimini kämilleşdirmek, talyplaryň ylma bolan höwesini artdyrmak, olary maddy taýdan höweslendirmek hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek bilen, programma üpjünçilikleri döretmek we şertnama esasynda olary kärhanalara ornaşdyrmak ugrunda birnäçe işleri alyp barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe edara-kärhanalarynda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirip, programma üpjünçilik toplumlaryny döredilmegi we kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär.
Elektron Ammar
“Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Innowasiýa ylmy-okuw merkezi şertnama baglaşdylar. Şertnamanyň mazmunyna laýyklykda agzalan edara-kärhanalaryň degişli ammarlarynyň harytlarynyň sanyny we gözegçiligini sanly ulgama geçirmek maksady bilen, Innowasiýa ylmy-okuw merkezi tarapyndan “Elektron Ammar” programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy. Programmanyň maksady, her bir harytda şekillendirilen koduň esasynda, harytlary hasaba alyp, hasapdan çykaryp, ammarlarynyň harytlarynyň sanyny we gözegçiligini sanly ulgam arkaly aralykdan gözegçilik etmekdir.

Guýular gaznasy
Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi dürli edara-kärhanalar bilen dürli taslamalary ýerine ýetirýär. Olaryň arasynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda konserniniň garamagyndaky “Döwletabatgazçykaryş”, “Lebapgazçykaryş” we “Marygazçykaryş” müdirliklerine degişli bolan guýular boýunça önümçilik işine zerur bolan maglumatlary takyk we tiz wagtda elýeterli bolmagyna hem-de guýulardaky iş proseslerinde bolup geçýän ähli üýtgeşmeleri tiz seljermäge we iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge ýardam berjek “Guýular gaznasy” programma üpjünçiligini taýýarlaýar.

Raýatlaryň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamy
Hödürlenýän programma üpjünçiligi türkmen dilinde düzülen resminamalar bilen işlemäge mümkin edýär. Öz içinde işgärler we raýatlar baradaky maglumaty gor görnüşinde saklamak bilen, ol görkezilen nusga boýunça olaryň maglumatlaryny özbaşdak elektron görnüşe geçirip, çapa iberip bilner. Belli bir derejede ol resminamalaryň dolanyşygynyň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň belli bir görnüşi bolup durýar. Bu programma şu täze mümkinçilikleri hödür edip bilýär.
- resminamalar köplügini awtomatlaşdyrylan ýagdaýda dolandyrmagy, redaktirlemegi we çap etmegi mümkin edýär;
- gerekli resminamalary tapmak bilen olaryň köplügini çap etmek mümkinçiligi, ýagny ulanyjy her bir resminamany açyp, ony çapa ibermän, programma gerekli bukjany görkezip, onuň içindäki resminamalary çap etmeli buýrugy berip, öz wagtyny tygşytlap bilýär, sebäbi döreden programmamyzyň özi bu işi özbaşdak amala aşyrýandyr;
- öň bar bolan maglumat goruň esasynda islendik raýaty (işgäri) köp ugurly gözleg ulgamy arkaly tapyp, onuň maglumatnamasyny özbaşdak düzýär we gerek bolan ýagdaýynda çapa iberýär;
- öň bar bolan resminamalary okap, olary maglumatlaryny maglumat goruna goşmagy mümkin edýär;
- beýleki maglumat gorlaryndan maglumaty import etmek we olara eksport etmek mümkinçiligi.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli we amaly ylmy-barlag hem-de taslama işlerini alyp barmak; ylmy işgärleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak; nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalaryna sanly ykdysadyýeti we innowasiýa çözgütleri ornaşdyrmagyň ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemek; nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barmak we ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige hödürlemek ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen şertnama baglaşyp, ylmy-tehniki goldawyny bermek, oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak ugrunda şertnamalaýyn işler ýerine ýetirildi we goşmaça şertnamalary baglaşyp, täze teklipleri önümçilige ornaşdyrmak ugrunda işler alnyp barylýar.