tm en ru
img

UÇURYM TALYPLARYŇ SYNAGLARYNY GEÇIRMEK ÜÇIN RESMINAMALARY TAÝÝARLAÝAN AWTOMATLAŞDYRYLAN ULGAM

Programma toplumy jemi üç esasy moduldan ybarat. Modullaryň ilkinjisi “Gutardyş talyplarynyň sanawynyň esasynda Döwlet synaglarynyň sanawnamalaryny taýýarlaýjy programma” diýlip atlandyrylar. Bu programmanyň esasy maksady her ýylda gutardyş synaglarynda, talyplaryň synaga gatnaşmaklyklary üçin zerur bolan synag sanawnamalaryny awtomatiki usulda taýýarlamakdyr.

Synag sanawnamalaryny taýýarlamak boýunça programmanyň işi gutardyş talyplarynyň sanawyny ýüklemekden başlanýar. Soňra görkezilen nusga boýunça Word resminamasy görnüşinde göz öňünde tutulan döwlet synaglary üçin sanawnamalar düzülýär.

Programma toplumynyň ikinji programmasy “Döwlet synag toparynyň maslahatlarynyň beýannamalaryny taýýarlaýjy programma”  diýip atlandyrylýar. 

Bu programma modulynda 3 görnüşli resminama taýýarlanylýar:

 Döwlet synag toparynyň diplom taslamasyna (işine) seretmek boýunça maslahatynyň beýany.

 Döwlet synag toparynyň “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” dersi boýunça döwlet synagynyň tabşyrylyşy hakynda maslahatynyň beýany.

 Döwlet synagynyň hemmesini tabşyran talyplara kär we diplom bermek hakyndaky maslahatynyň beýany.

Diplom işiniň üçünji we soňky programmasy “Gutardyş talyplarynyň bahalarynyň esasynda, olaryň göçürmelerini taýýarlaýjy” diýlip atlandyrylýar. Talyplaryň göçürmelerini taýýarlamak üçin ilki bilen olaryň synag bahalarynyň tablisasy taýýarlanylýar. Bu tablisany taýýarlamak üçin Microsoft Excel programmasy ulanylýar. Taýýarlanylan tablisada talyplaryň 5 ýyllyk okuw döwründe synaglardan alan bahalary, hasaplary, tabşyran ýyllyk işleri boýunça alan bahalary, şeýle hem okuw we önümçilik tejribelikleriň dowamynda alan bahalary ýerleşdirilýär.

Bu tablisanyň maglumatlarynyň esasynda her bir talyp üçin görkezilen nusga boýunça aýratyn göçürme taýýarlanylýar.

Döredilen programma toplumy ýokary okuw mekdebinde kafedranyň işini awtomatlaşdyrmaga we resminamalaryň dolanşygynda sanly tehnologiýalary giňden ulanmaga ýardam berer.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.

Kompýutere bildirilýän iň pes talapar: Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb.