tm en ru
img

RAÝATLARYŇ AWTOMATLAŞDYRYLAN ELEKTRON MAGLUMAT ULGAMY

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň islendik pudagynyň edara-kärhanalarynyň resminama işleri Office toplumynyň programmalary arkaly amala aşyrylýandyr. Kärhananyň görnüşine we alyp barýan işine, işgärleriň sanyna baglylykda resminamalaryň sany we görnüşleri juda kän bolýar. Döredilen programma şol resminamalaryň köplügini dolandyrmagy we belli bir kada getirmegi mümkin edýär. Mundan başga hem maglumat gorlaryň esasynda gysga wagtyň dowamynda gerekli resminamalary düzmegi mümkin edýär.

Hödürlenýän programma üpjünçiligi türkmen dilinde düzülen resminamalar bilen işlemegi hem mümkin edýär. Öz içinde işgärler we raýatlar baradaky maglumaty gor görnüşinde saklamak bilen, ol görkezilen nusga boýunça olaryň maglumatlaryny özbaşdak elektron görnüşe geçirip, çapa iberip bilner. Belli bir derejede ol resminamalaryň dolanyşygynyň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň belli bir görnüşi bolup durýar. Bu programma şu täze mümkinçilikleri hödür edip bilýär.

- resminamalar köplügini awtomatlaşdyrylan ýagdaýda dolandyrmagy, redaktirlemegi we çap etmegi mümkin edýär;

- gerekli resminamalary tapmak bilen olaryň köplügini çap etmek mümkinçiligi, ýagny ulanyjy her bir resminamany açyp, ony çapa ibermän, programma gerekli bukjany görkezip, onuň içindäki resminamalary çap etmeli buýrugy berip, öz wagtyny tygşytlap bilýär, sebäbi döreden programmamyzyň özi bu işi özbaşdak amala aşyrýandyr;

- öň bar bolan maglumat goruň esasynda islendik raýaty (işgäri) köp ugurly gözleg ulgamy arkaly tapyp, onuň maglumatnamasyny özbaşdak düzýär we gerek bolan ýagdaýynda çapa iberýär;

- öň bar bolan resminamalary okap, olary maglumatlaryny maglumat goruna goşmagy mümkin edýär.

- beýleki maglumat gorlaryndan maglumaty import etmek we olara eksport etmek mümkinçiligi.

Programma düzülende onlarça WinAPI funksiýalardan peýdalanyldy. Bu funksiýalar arkaly wagtyň gysga ölçeginde müňlerçe resminamalaryň we maglumatlaryň içinden gerek bolan sözi tapyp, ony çalşyryp bolýar. Bu örän peýdaly mümkinçilikleriň biridir, ýagny müňlerçe resminamada ýalňyşlyk gidip, ýada döwrüň üýtgemegi sebäpli sözleri, sözlemleri, teksti çalşyrmak gerek bolan ýagdaýynda, olary ýeke-ýekeden açyp düzetmän, döreden programmanyň üsti bilen tiz wagtda awtomatik düzediş işlerini geçirip bolýar.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.