tm en ru
img

MALIÝE SELJERIŞ

1) Ulanylýan ýerleri, maksady we ulanylyş mümkinçilikleri: Tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan islendik edara-kärhana. Programmanyň maksady – kärhananyň hojalyk işiniň toplumlaýyn maliýe-ykdysady we dolandyryş taýdan awtomatlaşdyrylan ýagdaýda seljermek. Programma guramalaryň maliýe-ykdysady seljerilmesiniň geçirilmegini tizleşdirýär we ony toplumlaýyn edýär. Bu auditor, maliýe işgäri, ykdysadçy hem-de hasapçy üçin amatly guraldyr.

2) Esasy tehniki häsiýetnamalary: Programma standart Windows goşundysy görnüşinde döredilen. Programma Excel elektron tablisasy (*.xls) görnüşinde taýýarlanylan maliýe hasabatynyň goşundylary okamak bilen, WinAPI funksiýalaryň kömegi bilen taýýar edilen nusga laýyklykda seljermegiň dürli görnüşlerini içerki tablisanyň üsti bilen amala aşyrýar. Programma köplenç birnäçe sagadyň dowamynda amala aşyrylýan hasaplamalary birnäçe sekundyň dowamynda özbaşdak taýýarlap berýär hem-de netije çykarýar.

3) Programmirleme dili: Delphi.

4) Amala aşyrýan EHM görnüşi: IBM PC bilen kysymdaş kompýuter, Prosessor – i3, 1,50GGs, işjeň ýat – 1Gb, gaty disk – 10 GB.

5) EHM üçin programmanyň göwrümi: 8 666 600 baýt.