1) Ulanylýan ýerleri, maksady we ulanylyş mümkinçilikleri: Tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan islendik edara-kärhana. Programmanyň maksady – näbelli bolan faýllaryň toplumyny ýa-da Internetden alnan faýllary ulanmazdan öň, öňüni almak çärelerini geçirip, potensial wirus ýükleýji we wirus endamlary ýüze çykaryp, olary aradan aýrymak. Programma kiberhüjümiň ilkinji tapgyry bolan – içalylykdan goranmak üçin ulanmak bilen, kiberhowpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek üçin peýdalanylyp bilner.
2) Esasy tehniki häsiýetnamalary: Programma standart Windows goşundysy görnüşinde döredilen. Programma görkezilen bukjanyň faýllaryny ýeke-ýekeden açyp, WinAPI funksiýalaryň kömegi bilen olaryň sanly goluny okaýar, hem-de eger faýl ýerine ýetirýän faýlyň sanly goluna eýe bolmak bilen, onuň giňeltmesi başga statiki faýllaryna degişli bolsa (potensial troýan ýa-da wirus ýükleýji), onda programma olary gizlenen programma görnüşinde anyklap, degişli sanawyna goşýar. Eger giňeltmesi ýerine ýetiriji faýlyň giňeltmesi bolup, özi bolsa ýerine ýetirýän faýl däl bolsa (potensial wirus endamy), olary ýalan programmalaryň sanawyna goşýar. Programma 1000 golaý faýly saklaýan bikjany 5-10 sekundyň dowamynda barlap bilýär. Mundan başga hem islendik faýlyp MD5 algoritminiň üsti bilen onuň HEŞ-jemini anyklap bilýändir.
3) Programmirleme dili: Delphi.
4) Amala aşyrýan EHM görnüşi: IBM PC bilen kysymdaş kompýuter, Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb, gaty disk – 10 GB.
5) EHM üçin programmanyň göwrümi: 21 965 314 baýt.