Maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginli ösmegi Wikipediýa, maglumat Internet-portallary, elektron ensiklopediýalary ýaly dürli elektron ensiklopedik neşirleriň döremegine getirildi. Bu neşirler örän tiz we ýeterlikçe derejede doly ýagdaýda gerek bolan maglumaty, zerur habarlary almaga mümkinçilik berýär, emma maglumaty köp ýagdaýda daşary ýurtda alyp bolýar, bu bolsa biziň ilatymyz üçin käbir kynçylyklary döredýär.
Şol sebäpli, elektron-multimediýa ensiklopediýasy işlenip düzüldi, onuň içinde ýeterlikçe derejede hem dünýä maglumatlary, hem-de biziň ýurdumyzyň taryhy, belli şahsyýetleri, edebiýaty, sungaty, ylmy we bilimi, tebigaty we geografiki sebiti we ş.m. barada maglumatlar saklanylýar. Döredilen programma üpjünçiligi birnäçe maglumat modullardan ybarat. Bu modullar arkaly, ulanyjy interaktiw ýagdaýda maglumaty alyp bilýär, kartalar, multimediýa we tekst maglumaty bilen tanyşyp bilýär.
Elektron ensiklopediýa özbaşdak işleýär, Internede birikdirilmegi talap etmeýär, tekst görnüşindäki adaty maglumaty görkezmekden daşary, ses, grafiki, wideo maglumatdan we animasiýadan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin ensiklopediýanyň düzümine müňlerçe makalalar, kartalar, suratlar, owazlar girizildi. Mundan başga hem, ensiklopediýanyň üsti bilen türkmen dilinde öwredýän kompýuter programmalaryny goýbermek mümkinçiligi bar. Programma häzirkizaman gözleg we tertipleşdiriş ulgamyna eýe bolup durýar, bu bolsa gerek bolan maglumaty tapmagy has aňsatlaşdyrýar.
Operatiw sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x).