Seredilýän programma breýn-ring boýunça akyl bäsleşiklerini geçirmek üçin ýörite döredilen kompýuter ulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu programma ýerli kompýuter torlarynda işlemek üçin gönükdirilen.
Programma üpjünçiligi müşderi-serwer goşundy görnüşinde işlenip taýýarlanyldy hem-de programmalaryň iki görnüşinden – programma modullaryndan ybarat. Birinji modul – uly monitora birikdirilen esasy kompýuterde (serwerde) gurnalýan serwer programamsydyr. Ol uly ekrana we bäsleşige gatnaşýanlaryň kompýuterleriniň monitorlaryna soraglaryň ýüklenmegini amala aşyrýar, gatnaşyjylaryň iberen jogaplaryny kabul edýär, iberilen jogaplary we olaryň gelen wagtyny millisekund ölçeginde bellige alýar, bu bolsa anyk ýagdaýda ilkinji jogap beren topary we beýlekileriň jogap bermeginiň yzygiderliligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär, gatnaşyjylaryň jogaplaryny özbaşdak barlaýar, ballary we utuklary kesgitleýär, her soragdan soň tablisa görnüşinde hasabaty ýöredýär we bäsleşigiň netijelerini we gatnaşyjylaryny tertipleşdirýär.
Ikinji modul – müşderi programmasy, ol gatnaşyjylaryň kompýuterlerine gurnalýar. Ol ýörite tor parametrleri boýunça (serweriň IP salgysy, birleşme porty) baş programma baglaşmagy we ondan soraglary kabul etmäge, jogaplary ibermäge mümkinçilik berýär.
Programma üpjünçiligi ulanylanda örän uniwersaldyr. Soraglar we dogry jogaplar ýörite bukjalarda tekst resminamalary görnüşinde ýerleşdirilýär, şeýlelik bilen dürli ugurlar boýunça akyl bäsleşiklerini geçirmek üçin hiç-hili kynçylyklar ýüze çykmaýar.
Operatiw sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x).