tm en ru
img

UNIWERSAL AWTOMATLAŞDYRYLAN EMIN PROGRAMMA

Awtomatlaşdyrlan emin programmasynyň üsti bilen mugallymlar tarapyndan berilýän bilimi, sapakdan daşary berkitmäge mümkinçilik döredilýär, sebäbi sapakdan daşary talyplar şol programmany erkin ýagdaýda kompýuterlerine gurnap özbaşdak öwrenip bilýärler hem-de test programmasy bilen öz bilimlerini barlap bilýärler.

Işiň ähmiýeti – işiň ähmiýeti örän ýokarydyr diýip hasap etmek bolar, sebäbi bu işde dürli ders bäsleşiklerini awtomatlaşdyrmak boýunça olara eminlik etmek üçin programma döredilen. Bu programma bäsleşige gatnaşyjylara bir wagtda olara ýumuşlar bilen tanyşmaklyga hem-de olaryň jogaplarynyň awtomatiki dogrydygyny ýa-da nädogrydygyny barlap oňa baha hem berip bilýär.

Işiň netijesi–işlenip düzülen programma toplumy kompýuter tehnologiýasy boýunça ders bäsleşikleri geçirmekde peýdalanyp, örän gowy netijeleri görkezmegi başardy. Ýagny, bäsleşige gatnaşyjylaryň düzen programmalaryny özbaşdak testden geçirmek bilen, şol testleriň netijesinde her gatnaşyja ball berip, kesgitlenen orun sanlaryna laýyklykda ýeňijileri kesgitläp, olary Word resminamasyna çap edýär we netijeleri maglumat gorunda saklaýar. Umuman 27 gatnaşyjy bolan ders bäsleşigiň netijelerini programma ýarym sagatda çykarmagy başardy. Adatça, programma ulanmazdan munuň üçin 3-4 sagat gerek bolýar.

Programma uniwersal bolup, islendik ders boýunça bäsleşikleri geçirip we olarda eminlik wezipelerini ýerine ýetirip bilýär.

Operatiw sistemasy: Windows xp, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x), Windows 8 (32x).