Islendik okuw mekdebinde, ol ýokary okuw mekdebi, umumybilim berýän orta mekdebi ýa-da başga köpçülikleýin bilim berýän edarasy bolsun, sapaklaryň düzgünini berjaý etmeklik okuw prosesiniň wajyp bölekleriniň biri bolup durýar. Mundan öňki adam arkaly mehaniki usul bilen jaň bermeklik häzirki wagtyň talaplaryna laýyk gelmeýär. Şol sebäpli häzirki wagtda täze okuw binalarynda jaň we habardar ediji ulgamlar gurnalýar. Gynansak hem, bu ulgamlar olary getirýän we gurnaýan kompaniýalar tarapyndan ýapyk görnüşinde ýa-da kyn sazlanylýan görnüşinde ulanylýandyr. Şol sebäpli köp ugurly, aňsat gurnalýan we tiz sazlanylýan programma üpjünçiligini işläp düzmeklik göz öňünde tutuldy.
Düzülen programma üpjünçiligi kompýuteriň ulgamyna standart usul arkaly gurnalýar. Onuň işiniň tertibi şulardan ybaratdyr:
- ilkibaşda öz bukjasynda *.txt formatynda ýerleşýän faýldan jaňlaryň kakylmaly wagtyny yzygiderli okap häzirki wagt bilen deňeşdirýär;
- faýlda görkezilen wagt häzirki wagt bilen gabat gelen ýagdaýynda, öz bukjasynda 1.mp3 görnüşinde ýerleşdirilen owazy aýtdyrmaga başlaýar.
- owaz programmada görkezilen wagtyň dowamynda aýtdyrylyp bes edilýär.
Şeýlelik bilen kompýutere görkezilen wagtlarda owaz aýtdyrmak bilen hem-de kompýuteri fakultetleriň habardar ediji ulgamlaryna birikdirmek arkaly jaň kakmak işi amala aşyrylýar.
Mundan daşary hem, kompýutere mikrofon guraly birikdirilen ýagdaýynda, programma bu guraly anyklaýar hem-de ses ýazmak mümkinçiligi elýeterli bolýar. Bu ýagdaýda ses ýazmak düwmesine basyp, mikrofon arkaly belli bir maglumaty dilden aýdyp, ony gönümel ýa-da ýalňyş ýerlerini düzedip ýatda saklap bolýar. Şol pursatdan programma ýazylan sesi hem kompýuterde aýtdyrýar. Şeýlelik bilen programmanyň üsti bilen habardar etmek işlerini amala aşyrmak bolýar.
Mundan daşary hem, programmany tor arkaly uzakdan ulanmak mümkinçiligi bar. Bu ýagdaýda dekanatdan ýa-da başga otagdan habardar etmek mümkinçiligi döreýär.
Şeýlelik bilen, döredilen programma jaňlaryň tertibini düzetmäge, aýtdyrylýan owazy we ony aýtdyrmak wagtyny üýtgetmäge, dürli habarlary aýtdyrmaga mümkinçilik berýär. Programma islendik okuw mekdebinde peýdalanyp bilner.
Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.
Kompýutere bildirilýän iň pes talapar: Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb.