tm en ru
img

JEMLENEN IŞ OKUW MEÝILNAMASYNY DÜZÝÄN AWTOMATLAŞDYRYLAN ULGAM

Ýokary okuw mekdebinde wajyp resminamalaryň biri hasaplanylýan hünäriň okuw meýilnamasynyň esasynda kesgitlenen okuw ýyly üçin şol hünäriň jemlenen iş okuw meýilnamasy düzülýär. Soňkynyň esasynda bolsa, kafedralar tarapyndan okadylýan dersler, okuw hepdeleriň sany, her ders üçin hepdede okadylýan sagatlaryň mukdary, umumy, amaly, tejribe sapaklaryň sagatlarynyň mukdary, synaglar, hasaplar, ýyllyk we diplom işleri we ş.m. kesgitlenilýär. Şeýlelik bilen, jemlenen iş okuw meýilnamasy sagatlaryň hasabaty üçin gönümel maglumatlaryň çeşmesi bolup durýandyr. Tejribeligiň görkezişi ýaly, üýtgeýän şertlerde, haçanda okuw meýilnamalaryna ýygy-ýygydan gaýtadan seretmeklik zerur bolanda, sagat hasabaty ýeterlikçe derejede zähmet we wagt talap edýän, käwagt birnäçe gün talap edýän hem-de köplenç ýalňyşlyk bilen ýerine ýetirilýän işdir.

Bu işde hünärleriň dürli ýyl üçin bar bolan okuw meýilnamalarynyň esasynda şol hünärleriň jemlenen iş okuw meýilnamasyny awtomatik düzmek meselesine seredilýär.

Işiň dowamynda işlenilmeli maglumatlaryň görnüşi we häsiýetleri kesgitlenildi. Şol sebäpli programma üpjünçiligi döredilende tablisa komponentleri we ofis goşundylary bilen işlemek üçin WinAPI funksiýalary peýdalanyldy.

Programmanyň işi birnäçe tapgyrlardan ybarat:

- yzygiderli, gepleşik penjireleriň üsti bilen ýyl boýunça hünärleriň okuw meýilnamalary elektron (Word ýa-da Excel faýllary) görnüşinde girizilýär;

- bu faýllar ýörite WinAPI funksiýalaryň üsti bilen  işlenip bejerilýär we tablisa görnüşinde programmanyň maglumat goruna girizilýär;

- mundan beýläk hünäriň ýylynyň girizilen belgi sanynyň esasynda dersleriň ýarym ýyl boýunça saýlanylmagy amala aşyrylýar (1-nji ýyl üçin 1-nji we 2-nji ýarym ýyllyklar, 2-nji ýyl üçin 3-nji we 4-nji ýarym ýyllyklar we ş.m.);

- saýlamakdan soň, umumy, amaly, tejribe sapaklaryň sagatlary hepde-de okadylýan sagatlaryň hepdeleriň sanyna köpeltmek bilen kesgitlenilýär, olary jemlemegiň netijesinde bolsa görkezilen dersiň umumy dershana sagatlary hasaplanylýar; bu maglumatlar degişli sütünlere ýazylýandyr.

Şeýlelik bilen, döredilen programma üpjünçiligi okuw meýilnamalaryň elektron resminamalaryny okaýar, görkezilen kafedra tarapyndan okadylýan dersleri tertipleşdirýär, olary ýarym ýyllyklar boýunça tertipleşdirýär, mundan beýläk redaktirlemek we çap etmek üçin Microsoft Word resminamasynda jemlenen okuw meýulnamasy görnüşinde hasabaty taýýarlaýar. Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.

Kompýutere bildirilýän iň pes talapar: Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb.