Häzirki wagtda okuw prosesini proýektory ýa-da interaktiw tagtany ulanmazdan göz öňünde getirip bolmaýar. Bu bolsa diňe gönümel maglumat we kompýuter tehnologiýalaryny öwretmek bilen bagly bolan derslere degişli däl, şeýlelik bilen, häzirki wagtda dürli ugurlarda okadýan mugallymlaryň aglaba bölegi okatmak prosesini şu ajaýyp gural bolmazdan göz öňüne getirip bilýän däldir.
Bu işde biz proýektor tarapyndan proýesirlenýän şekil bilen iki taraplaýyn arabaglanyşygy goýmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiligini döretmegi maksat edindik. Munuň üçin bize adaty standart web-kamerasy, standart lazer görkezijisi, proýektor, kompýuter we elbetde işläp düzen programma üpjünçiligimiz. Esasy pikir ýeterlikçe derejede ýönekeý bolmak bilen, kompýuteriň çykyş edýän tarapyndan dolandyrylýan we proýektor tarapyndan bir reňkli diwaryň ýüzüne ýa-da tagta (ýa-da islendik tekiz ýüzde) proýesirlenen şekile gönükdirilen lazer görkezijisini “diňlemeginden” ybarat boldy.
Munuň üçin programma üpjünçiligi web-kameranyň üsti bilen üstüne şöhle gönükdirilen şekili alýar we TTimer komponenti arkaly, her sekundyň dowamynda işläp bejerýär. Web-kameradaky kadrlar TImage (şekil) komponentine Bitmap görnüşinde (bmp faýly) ýerleşdirilýär, mundan soň şol şekiliň pikselleri (nokatlary) kadrdaky lazer öwüşginiň nokatlarynyň reňkine we ýerleşýän ýerine gabat gelmek boýunça seljerilýär. Seljeriş RGB (Red (gyzyl), Green (ýaşyl), Blue (gök)) reňk modeliniň reňkleri arkaly degişli reňklere bölmek arkaly geçirilýär. Mundan soň programma WinAPI funksiýalar arkaly syçanjygy eýýam kompýuterdäki degişli ýere gönükdirýär. Bu amal wagtyň her indiki parçasynda dowam edýär hem-de proýektor bilen kompýuteriň arasyndaky iki taraplaýyn baglanyşygyň duýgusy döreýär.
Syçanjygy diňe bir lazer görkezijisi boýunça hereketlenmegi bilen çäklenmän, syçanjygyň düwmesine basylmak meňzetmesi döredildi. Munuň üçin çykyş edýäne lazer görkezijisini öçürip we derrew işletmek ýeterlikdir, ýagny edil syçanjygyň düwmesine basmak ýaly. Programma lazer şöhlesini saklaýan we saklamaýan goňşy kadrlary seljerip, bu ýagdaýy syçanjygyň düwmesine basyldy diýip kabul edýär we syçanjygyň degişli düwmesini işe goýberýär.
Işlenip düzülen programma üpjünçiligi lazer görkezijisi arkaly dürli programmalary goýbermäge, prezentasiýanyň slaýdlaryny geçirmäge, eýsem ekranda obýektleri çekip süýşürmäge mümkinçilik berýär. Programma bilim we ylym ulgamynda okuw prosesinde giňden ulanmak bilen, beýleki pudaklarda hem dürli derejeli seminarlarda we mejlislerde giňden peýdalanyp bilner. Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.
Kompýutere bildirilýän iň pes talapar: Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb.