tm en ru
img

MUGALLYMYŇ ELEKTRON ŽURNALY

Häzirki wagtda dürli pudaklarda we ugurlarda sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy işgärleri köp sanly bir meňzeş, kän bir uly jogapkärli bolmadyk, köp wagt talap edýän işlerden boşatmaga mümkinçilik berdi. Bilim ulgamynda, hususanda mugallymyň gündelik alyp barýan işlerinde sanly tehnologiýalar has hem köp mümkinçilikleri hödürleýär. Bu işimizde şoňa mysal hökmünde, mugallymyň elektron žurnalynyň programma üpjünçiligi hödürlenýär.

Döredilen elektron žurnaly okaýanlaryň maglumat gorunyň esasynda ýöredilýändir. Bu maglumat goruna okaýan barada esasy maglumatlar girizilýär, onuň ady, familiýasy, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, milleti, doglan senesi we ş.m. Elektron žurnalyna girmek üçin ähli ulanyjylar öz adyny we gizlin koduny (parolyny) girizmeli bolýar. Ulanyjy diňe öz derejesine (direktor, müdir, synp ýolbaşçysy, ders okadýan mugallym, okuwçy we ş.m.) laýyklykda elektron žurnalynda işlerini alyp barýar. Ýagny direktor ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Synp ýolbaşçysy diňe öz synpynyň çäginde redaktirleme we düzediş işlerini alyp barýar, okuwçy diňe özüne degişli maglumatlary görüp bilýär.

Mugallymlar öz okadýan dersleri boýunça okuwçylara bahalary girizip bilýär we öz temalaryny degişli sene boýunça bellige aldyryp bilýär.

Zerur bolan ýagdaýynda mugallym her okuwçy boýunça çärýegiň ortaça bahasyny awtomatik çykaryp bilýär. Munuň üçin ulgam bir çärýegiň içindäki her okuwçynyň bahasyny aýratynlykda goşup, bahalaryň sanyna bölüp, bahany çykarýar. Ýylyň bahasy çärýekleriň ortaça bahasynyň esasynda awtomatik hasaplanylýar.

Elektron žurnal girizilen maglumatlaryň esasynda onlarça hasabatlary döredip bilýär. Meselem, synpyň okuwçylarynyň bir ders boýunça çärýek bahasyny, bir okuwçynyň ähli dersler boýunça bahalaryny, okaýanlaryň oglan-gyz, milleti, ýaşaýan ýerleri we ş.m. boýunça sanawyny awtomatik döredýär. Bu hasabatlaryň ählisi Microsoft Word programmasyna geçirilip, çap edilip bilýändir.

Programma öň kagyzda alnyp barylýan işleri, ýagny gatnaşyk žurnalyny, ýetişik žurnalyny we sapak geçmek žurnalyny doldurmak ýaly işleri elektron görnüşde alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik bilen elektron žurnal programmasy mundan öň köp wagt talap edýän, şol bir kysymly, kagyz üsti bilen alnyp barylýan işleri awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde mugallyma döredijilik işlerine has köp üns bermäge ýardam edýär.

Düzülen programma esasy umumybilim berýän orta mekdepler üçin niýetlenilen hem bolsa, özgertmek arkaly okuw mekdepleriň islendik görnüşinde  giňden peýdalanmak bolar.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.