Seredilýän işde Türkmenistanyň dürli görnüşli interaktiw kartalarynyň multimediýa görnüşini ykjam tehniki serişdelerinde ulanmak meselesine seredilýär. Adaty kartalary synlamak ýa-da peýdalanmak mümkinçiligi ýok ýerinde, taýýarlanan interaktiw kartalary islendik tehniki serişdesinde peýdalanmaklyk örän amatly bolar.
Biziň taýýar eden elektron multimediýa programmamyz kartalaryň interaktiw ulanyş usullarynyň birnäçe täzeliklerini hödürleýär:
· Öwrenilýän materialy seljermekde we umumylaşdyrmakda ähmiýetli serişde bolup hyzmat edýär.
· Kartadaky ähmiýetli maglumatlary özünde saklaýan obýektleri we olaryň ýerleşişini kartada syn etmek mümkinçiligini berýär.
· Dürli elektron kartalardan peýdalanmak her bir ulanyjy üçin özüniň elýeterliligi bilen tapawutlanýar.
Bu programma önüminde ýurdumyzyň häzirki ösüşi dürli interaktiw kartalaryň üsti bilen görkezilendir. Seredilýän interaktiw kartalar toplumy alty sany interaktiw goşmaçadan ybarat bolup, olar dürli ugurlardaky maglumatlary özünde jemleýärler: syýahatçylyk, geografiki, nebit we gaz ojaklarynyň, ulag ulgamynyň kartalary we syýasy karta.
Bu programma üpjünçiligi Adobe Flash Develop programmirleme dilinde taýýarlanyldy.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.