tm en ru
img

ULGAMLAÝYN ŽURNAL UTILITASY

Häzirki wagtda kompýuter tehnologiýasynyň we programma üpjünçilikleriň örän köp dürli görnüşleriniň ösmegi bilen, kompýuterde sazlaşykly işi gurnamak we maglumatlaryň kadaly işlenip bejerilmegini üpjün etmek üçin maglumat tehnologiýasy ugrunda belli bir derejede bilimlere we ukyplara eýe bolmak gerek. Soňky döwürde wiruslaryň we zyýan getiriji programmalaryň ýaýramagy, kompýuteriň maksada görä ulanylmazlygy, onuň dürli torlara birikmegi we dürli ulanyjylar tarapyndan ulanylmagy ýokarda agzalan meseleleri çözmäge kynçylyk döredýär. Hödürlenýän programma üpjünçiligi şol kynçylyklary ýeňmek we kompýuterde alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek hem-de zerurlyk ýüze çykanda sazlamak üçin ýeterlikçe serişdeleri hödürleýär:

  Maglumat howpsuzlygy, programmalaryň ulanylmagy babatda edilen işleriň sene we wagt boýunça tertipleşdirilen hadysalaryň ulgamlaýyn žurnaly ýükleýär;

  Kadrlaryň hilini we olary ekrandan ýazyp almagyň wagtyny sazlamaga mümkinçilik berýän, ekrany ýazmak arkaly kompýuterde alnyp barylan işleri suratlaýyn şekillendirýän moduly goýbermek;

  Kompýuterde işläp duran programmalaryň sanawyny çykarmak we olaryň islendigini tamamlamak;

  Programmalary operasion sistema bilen bilelikde awtomatik ýüklemek üçin degişli utilitany goýbermek;

  Görkezilen programmalara ulgamda ýüklenmäge rugsat bermek we gadagan etmek üçin utilitany goýbermek.

Ýokarda sanalyp geçilen mümkinçilikler ulgamda käbir gözegçilik işlerini ýerine ýetirmäge, şeýle hem ulgamda ýüze çykan näsäzlyklaryň taryhyny yzarlamaga, ulanyjylaryň alyp barýan işini gözegçilikde saklamaga, operasion sistemada operatiw ýada ýüklenilen programmalaryň we prosesleriň sanawyny çykaryp olary dolandyrmaga, hem-de reýestriň üsti bilen görkezilen programmalaryň goýberilmegini gadagan etmäge  mümkinçilik berer.

Düzülen programma islendik kärhanada, ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterde işleýän hünärmenleriň işine gözegçilik etmek hem-de işleýän programmalaryň düzümini sazlamak maksady bilen ulanylyp bilner.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.