tm en ru
img

BILIM PROSESINI AWTOMATLAŞDYRÝAN MAGLUMATLAR ULGAMY

Bu programma ugry we amala aşyrýan işleri boýunça Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup durýar.

Döredilen programma üpjünçiligi aşakdaky täze mümkinçilikleri saklaýar:

 Bu programma ýokary okuw we orta mekdeplerde mugallymlaryň işlerini aňsatlaşdyrmakda kömekçi bolup durar;

 Programmanyň esasy aýratynlygy bilim ulgamyny düýbünden sanly bilim ulgamyna geçirmek;

 Programmanyň interfeýsi 21 daşary ýurt diline geçirilip bilýär. Bu bolsa daşary ýurtdan gelen talyplar bilen geçirilýän işleri aňsatlaşdyrmakda ulanylyp bilner;

 Programma daşary ýurtdan gelen talyplaryň we welaýatlardan gelen talyplaryň ata-eneleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga kömek berer,  olar sms çat arkaly habarlaşyp, çagalarynyň bahalary hakynda islendik wagtda gyzyklanyp biler;

 Programmada talyplaryň üç arkalary we maglumatlary ýerleşdirilip bilner;

 Programmada iň gerekli zatlaryň biri bolan bildirişler sahypasy bolar, ol esasy sahypada ýerleşmek bilen, gündelik bildirişleri özünde jemlär.

Programma öz düzüminde elektron kitaplary we wideo sapaklary saklaýar. Şeýlelik bilen talyplar özleriniň öýlerinden ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlaryndan geçmedik sapaklaryny özleşdirip bilerler. Bu programmanyň esasy aýratynlyklarynyň biri - ýokary okuw mekdepleriň degişli töleglerini internet arkaly plastiki kartlarynyň üsti bilen tölemek mümkinçiligini hödürlemekdir. Programmanyň içinde gündeki sapaklaryň tertipnamasy ýerleşdiriler. Programmada ulanyjylaryň 4 esasy görnüşi bar, ýagny admin, mugallym, talyp we ata-ene. Ulanyjylaryň mümkinçilikleri berk çäklendirilendir we biri-birini gaýtalaýan däldir. Programmada başgada elektron synaglary geçirip, bahalandyrmak hem-de bahalary gönüden göni ata-eneler bilen tanyşdyrmak bolýar. Programmadaky ähli maglumatlar goragly ýagdaýda bolup, admin tarapyndan gözegçilikde saklanylýar.

Programma php, javascript, html, css, bootstrap, mysql dilleri sublime text redaktorynyň üsti bilen ýazylandyr.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows 7 (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10, Ubuntu linux, macos, android, ios.