Häzirki döwürde bilim barlamagyň iň ýörgünli we ýokary derejede awtomatlaşdyrylan usuly hökmünde testirleme çykyş edýändir. Bar bolan testirleýji programmalaryň aglaba bölegi soragy we jogaplary ýazgy görnüşinde bermegi we saýlamagy amala aşyrýar. Şu döredilen programma aşakdaky täze mümkinçiliklere eýe bolup durýar:
Grafiki şekilde soragy bermegi we grafiki görnüşinde jogaplary görkezmegi;
Ses we owaz görnüşinde soraglary bermegi we ses görnüşindäki jogaplary saýlamagy;
Wideo görnüşinde soraglary bermegi we wideo görnüşindäki jogaplary saýlamagy;
Soraglary we jogaplary programmanyň koduny üýtgetmän, islendik adaty ulanyjy girizip bilmegi;
Köp ugurly hasabat ulgamy;
Programmanyň tutuş interfeýsiniň hem-de soraglaryň we jogaplaryň türkmen dilinde girizmek mümkinçiligi;
Testi tor arkaly geçirmek mümkinçiligi;
Testden geçýäniň özi barada girizýän maglumatyny we onuň suratyny kamera arkaly surata alyp hasaba almak mümkinçiligi;
Dürli dersler boýunça olimpiadalary we bäsleşikleri geçirmek mümkinçiligi.
Bu düzülen test ulgamy okuw prosesinde talyplary we okuwçylary, islendik önümçilikde hünärmenleri barlagdan geçirmek üçin peýdalanyp biler. Işlenip düzülen programma toplumy diňe bir testirlemegi däl, eýsem dürli ders bäsleşikleri guramaga we geçirmäge mümkinçilik berýär. Programma diňe bir tekst görnüşinde däl, awtomatiki wideo, audio ýa-da grafika maglumaty saklaýan soragy görkezmegi, soňra bolsa berlen jogaplary seljermegi amala aşyrýar. Eýsem, jogaplaryň özi hem wideo, audio ýa-da grafika görnüşinde bolup bilýär.
Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.