tm en ru
img

DAŞARY ÝURT DILLERINI KÖP UGURLY MULTIMEDIÝA ÖWREDIJI PROGRAMMASY

Bu programma ugry we amala aşyrýan işleri boýunça Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup durýar.

Döredilen programma üpjünçiligi aşakdaky täze mümkinçilikleri saklaýar:

ü Iňlis, türkmen elipbiýiniň harplaryny şekillendirýän we seslendirýän muldimediýa harplygy;

ü Iňlis diliniň grammatikasyna we onuň ulanylmagyna degişli bolan elektron kitaby;

ü Adaty türkmen-iňlis we iňlis-türkmen sözlügini;

ü Sözleri seslendirilýän multimediýa sözlügi;

ü Iňlis dilinden türkmen diline we türkmen dilinden iňlis diline sözme-söz terjime edýän programma moduly;

ü Iňlis dili boýunça testirleýji bölüm;

ü Sözleri şekillendirip görkezýän multimediýa interaktiw sözlügi;

ü Omofon sözleriň maglumatlar toplumy, her omofon sözüne degişli bolan sesli animasiýalar, Omofon düşünjesine laýyk gelýän dürli görnüşli testler we gönükmeler;

ü Sinonimler, Antonimler, Omonimler barada multimediýa interaktiw düşündiriş programma moduly.

Programmada sözlügiň birnäçe görnüşi hödürlenýär: adaty sözlük, sesli sözlük we suratly sözlük. Şeýlelik bilen, ulanyja öwrenýän sözlerini ses arkaly diňlemäge we degişlilikdäki suratlary synlanlamaga mümkinçilik berilýär, bu bolsa öwreniş prosesini diňe bir netijeli däl-de, eýsem gyzykly we amaty edýär. Şol sanda hem döredilen programma üpjünçiliginde omonim, sinonim, antonim, omofon sözleriň mysallary türkmen, rus, iňlis dillerinde girizilen we olara degişlilikde suratlar we animasiýalar ýerleşdirilen. Bu bolsa öwrenilýän sözleri özleşdirmekde ýeňillik döreder. Programmanyň ýene bir ajaýyp mümkinçiligi türkmen ýa-da iňlis dilinde ýüklenen uly göwrümli tekstleri başga dile sözme-söz terjime etmek mümkinçiligi. Bu usulda tekst doly takyk terjime edilmese hem, ulanyja terjime etmek üçin köp wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.