tm en ru
img

MATEMATIKI HASAPLAÝJY ANDROID PROGRAMMASY

Ylmy işde ykjam tehniki serişdeleri üçin programma üpjünçiligini döretmek meselesine seredilýär. HTML we JAVA Script programmirleme dillerinde islendik telefon ýa-da planşet ulgamynda işleýän matematiki sorag-jogap ulgamy hem-de dürli hasaplaýyş işleri amala aşyrýan kalkulýator programmasy işlenip taýýarlanyldy. Bu programmalary, uly gabaraly hasaplaýyş serişdeleri ulanmak kyn bolan ýagdaýynda, planşet ýa-da telefon serişdesi arkaly peýdalanmak örän ýerlikli bolýar. Şeýle hem bu programmalary okuw prosesine taýýarlyk görnüşinde ulanmak bolar.

Işiň netijesi – işiň esasy netijesi bolup, android platformaly telefonlar üçin gutarnykly programmalaryň döredilmegi bolup durýar, döredilen programmalar beýleki hasaplaýyş tehnikalarynda adatça 5-10 minutlyk işi awtomatiki usulda, ortaça 30 sekundyň dowamynda hasaplap berýär. Ýagny programmany ýolda, öýde, ulagda ýa-da durmuşymyzyň bize amatly bolan islendik ýerlerinde ulanmak mümkindir.

Bu işde planşet ýa-da planşet kompýuterleri, smartfonlar we ykjam telefonlar ýaly gurluşlar üçin programma üpjünçiligi döredildi. Işde programmirlemegiň iň öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyldy, şol sebäpli köp ugurly sorag-jogap ulagmy hem-de dürli çylşyrymly hasaplamalary özbaşdak amala aşyrýan programma kalkulýatory döredildi. Programma üpjünçiligi şekil görnüşinde 500 golaý formulalary we grafikleri, şeýle hem hasaplamak üçin 200 golaý formulalary saklaýar. Sorag-jogap materiallaryň hemmesi, programmanyň interfeýsi, menýular we düwmeler türkmen dilinde ýerine ýetirilen. Şeýle programmalaryň planşetlerde we beýleki kiçi ykjam tehnikasynda peýdalanmagy dürli inženerçilik hasaplamalaryny amala aşyrmaga hem-de noutbuklaryň we beýleki kompýuter serişdelerini ulanmak kyn bolan ýerlerde maglumat beriji serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Operatiw sistemasy: Android.