tm en ru
img

KAFEDRANYŇ OKUW SAGATLARYNY AWTOMATIKI HASAPLAÝAN PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI

Seredilýän programma okadylýan hünärleriň tassyklanylan Jemleýji işçi okuw meýilnamalarynyň esasynda kafedralaryň okuw sagatlarynyň hasabatyny gysga wagtda we takyk ýagdaýda taýýarlamagy mümkin edýär. Programmanyň işiniň tapgyrlary aşakdakylardan ybarat:

1.  Ilki bilen kafedranyň okadýan hünärleriň sanawy kesgitlenýär.

2.  Soňra programmanyň içine tablisa görnüşinde okadylýan hünärlere laýyklykda toparlaryň atlary, olaryň okaýan ýyllygy we talyp sanlary girizilýär.

3.  Yzygiderli ýagdaýda her bir hünäriň şol ýyl üçin tassyklanylan işçi okuw meýilnamasynyň faýly (Word programmasyndaky *.doc faýly) ýüklenilýär. Bu faýllar ýörite Word bilen işlemek üçin niýetlenen WinAPI funksiýalary arkaly işlenip, programmanyň içindäki tablisa ýerleşdirilýär.

4.  Soňra sagady hasaplanylýan kafedranyň ady, bu kafedranyň umumy ýa-da hünärmen taýýarlanylýandygy, mugallymlaryň sany, ylmy-barlag işleriň mukdary görkezilýär.

5.  Girizilen kafedranyň ady boýunça işçi okuw meýilnamalaryndan 3-nji tapgyrda döredilen tablisadan şol kafedranyň okadýan dersleri saýlanylýar hem-de täk we jübüt ýarymýyllyklar boýunça aýratyn edilýär, ýagny 1,3,5,7,9 ýarym ýyllyklar bir tablisa, 2,4,6,8,10 ýarym ýyllyklar beýleki tablisa jemlenýär. Şeýlelik bilen okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllykda we 2-nji ýarym ýyllykda okadylmaly dersleriň sanawy düzülýär.

6.  Soňra maglumatlaryň esasy işlenip bejerilmegi başlanylýar, ýagny bu ýerde her bir dersiň görkezilen ýarym ýyllygy boýunça okuw hepdeleriniň sany, her hepde-de umumy, amaly, tejribe, söhbetdeşlik sagatlaryň mukdary, synaglar, hasaplar, ýyllyk işler we ş.m. degişli formulalar arkaly hasaplanylýar.

7.  Her ders hasaplanylandan soň her ýarym ýyllygyň tablisasynyň içinde tertipleşdirme başlanýar we netijeleriň jemlenmegi amala aşyrylýar.

8.  Netijede iki tablisa hem WinAPI funksiýalary peýdalanmak arkaly Word programmasyna hasabat hökmünde geçirilýär.

Şeýlelik bilen biziň döreden programmamyz özbaşdak ýagdaýda işçi okuw meýilnamalarynyň elektron resminamalaryny okaýar, olaryň içinden görkezilen kafedranyň derslerini saýlaýar, olary okuw ýarym ýyllyklary boýunça tertipleşdirýär, umumy, amaly, tejribe, söhbetdeşlik sagatlaryň mukdary, synaglar, hasaplar, ýyllyk işler we ş.m. hasaplanylýar, jemlenýär hem-de Microsoft Word resminamasyna ýerleşdirilýär. Şeýlelik blen programma 1 minudyň dowamynda tutuş kafedranyň sagatlaryny ýalňyşman hasaplap berýär. Bu tehnologiýany islendik hasaplama işlerini geçirmek üçin peýdalanyp bolýar.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.