tm en ru
img

ANTITROÝAN WIRUSLARA GARŞY PROGRAMMASY

Antitroýan programmasy häzirki wagtda has güýçlenen wirus howpuna jogap hökmünde döredildi.

Häzirki zaman meşhur antiwirus programmalaryň bolmagyna garamazdan wirus hüjümi gün-günden ulanyjylaryň maglumatlaryna has erbet zeperleri ýerine ýetirýär. Bu belli bir derejede antiwiruslaryň işinde kemçilikleriň ýüze çykmagy bilen bagly bolup durýar.

Antitroýan tejribelik ýagdaýynda döredildi. Ýagny tejribelik kompýuterde has meşhur we zyýanly wiruslar goýberilip, olary aýyrmak boýunça işler geçirildi. Soňra şol işler programmalaşdyryp maşyn koduna geçirildi.

Programma Delphi programmirleme dilinde ýerine ýetirildi, öz düzüminde ol 100 golaý ulgamlaýyn WinAPI funksiýalary saklaýar.

Programma aşakdaky parametrlere eýe:

- programma ýokary tizlik bilen häsiýetlenýär. Bir sekundyň dowamynda programma ortaça 200Mb bolan informasiýany barlaýar. Bu bolsa häzirkizaman kompýuterleri takmynan 40-50 minut wagtyň dowamynda barlamaga mümkinçilik berýär;

- programma 200 golaý wirus we zyýan getiriji programmalary anyklap, ýok edip bilýär;

- programma Windows operasion sistemasynyň XP, Vista, 7, 8 wersiýalarynda işleýär;

- beýleki antiwirus programmalar bilen sazlaşykly işleýär;

- wirus bilen zäherlenen kompýuterde erkin ýagdaýda gurnalyp hem-de zyýan getirijileri ýok edip bilýär;

- ulanyjynyň kadaly programmalarynyň işlemegine hiç-hili päsgelçilik bermeýär;

- programmanyň iş möhleti çäklendirilmedik;

- programma özüniň monitoringini amala aşyrmak bilen, özüniň zäherlenen ýagdaýyny kesgitläp bilýär, bu ýagdaýda ol özüni ýok edýär;

- programma iki dilde – rus we türkmen dili şekilinde işläp bilýär;

- programma kömek we sorag-jogap ulgamy bilen üpjün edilen;

- operasion sistemada düýpli kemçilikler bolanda, programmanyň prosesler we reýestr bilen özbaşdak işlemek bölümlerini peýdalanmak bolýar;

Programmany peýdalanmak üçin ilki işjeň wiruslary kesgitleýän GÖZLEG düwmesine basmaly. Netijede programmanyň tanaýan ähli işjeň wiruslaryň atlary aşakdaky sanawda çykar (eger ýok bolsalar Wirus tapylmady habar görkeziler). Görkezilen wiruslary ýok etmek üçin degişli düwmä basmak gerek. Fleş ýadyň içini düzetmek üçin Kub şekilindäki surata basmaly.