Häzirki wagtda islendik okuw we ylmy edarasynda referatlary, ýyllyk, diplom işlerini düzmek, şeýle hem ylmy makalalary ýazmak babatda ýazylan maglumatlaryň asyl nusgalygyny anyklamak meselesi esasy bolup durýandyr. Köplenç taýýarlanylýan maglumat Internet çeşmelerinden alynýar, okuw kitaplaryň esasynda düzülýär, mundan başga hem, talyplar mugallymlaryň, mundan öň okan talyplaryň işlerini almagy we göçürmegi kada diýip hasap edýärler. Bu işler plagiat bolup durýandyr. Plagiat – bu başga adamlara hakyky awtor barada ýalan maglumatlaryň ýetirilmegi bilen bolup geçýän, fiziki şahs tarapyndan başga şahsyň ýerine ýetiren hem-de goranylýan döredijilik işiniň netijesinden bikanun ulanmak boýunça bilkastlaýyn amala aşyrylýan işler.
Şulardan ugur alyp, türkmen interfeýsine eýe bolan, latin we türkmen harplaryny tanamagy goldaýan “Antiplagiat” programma üpjünçiligi döredildi.
Bu taslamanyň manysy gysga wagtyň dowamynda islendik referaty, makalany, awtorlyk işini, eýsem kiçi kitaby seljerip, şol işiň plagiatlyk derejesi barada netijäni çykarmaga mümkinçilik bermekden ybaratdyr.
Programma öz düzüminde ýeterlik mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Ol görkezilen resminamanyň içini sözlemleýin ýa-da abzaslaýyn okap, her sözlemi ýa-da abzasy ikinji görkezilen resminamanyň ýa-da resminamalaryň içindäki sözlemler ýa-da abzaslar bilen deňeşdirip, hemme gabat gelen ýazgylaryň hasabatyny ýöredýär hem-de iň soňunda umumy göwrüme göräleýin, beýleki resminamalardan alnan ýazgynyň göterimde möçberini çykaryp berýär.
Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.