Teklip edilýän programma toplumy nebit guýularyndan gazlift usuly bilen önüm almakda, onuň iş düzgünini doly effektiw hasaplamak, sarp edilýän energiýany we beýleki çykdaýjylary azaltmak, operator üçin penjiräniň ýüzünde gerekli düwmeleriň ýerleşdirilmegi, ulanmaklyk düzgünini has-da hem tizleşdirýär.
Şeýlelik bilen, operatoryň penjiresinde guýularda bolup geçýän häsiýetnamalar eýe bolup, ol guýularyň basyşy, temperaturasy, tizligi ýaly ululyklary takyk bilip, olary gerekli wagtynda sazlamaga mümkinçilik berýär.
Gazlift guýynyň hasaplamalary ýerine ýetirilende, programmanyň interfeýsi bolup geçýän hadysalary penjirede 2D görnüşinde düzüp, görkezmäge mümkinçilik berýär. Guýynyň görkezijileri üýtgände ýa-da täze geçiriljek hasaplamalary ýerine ýetirilende, programmanyň penjiresinde bu hadysalary synlamaga mümkinçilik bar. Olardan başga-da bu programmada birnäçe guýularyň hasaplamalaryny ýerine ýetirip, olary deňeşdirme mümkinçilikleri bardyr. Programma toplumda üznüksiz we döwürleýin gazlift guýularynyň iş tertibini düzmäge mümkinçilik berýär.
Programmanyň işlemegi üçin hökmany suratda Microsoft Visual C++ we Microsoft .NET Framework 3.5 bolmalydyr.
Programma Microsoft C# 2017 we Microsoft Visual Studio Enterprise 2015, version 14.0.23107.0 D14REL (free version) dilinde işlenip düzüldi.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10 (32x, 64x).