tm en ru
img

GUÝULAR GAZNASY

1) Ulanylýan ýerleri, maksady we ulanylyş mümkinçilikleri: guýularyna we gaz ýataklaryna gözegçilik etmek hem-de degişli hasabatlary çykarmak maksady bilen düzülen.

2) Esasy tehniki häsiýetnamalary: Bu programma guýularyň hakyky işleýiş düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen esasy geologiki hasabatlylygy ýöretmek üçin peýdalanylýar. Programma aşakdaky funksiýalary üpjün edýär: guýynyň işleýiş düzgünine görä hakyky maglumatlaryň girizilmegi; guýynyň işleýiş düzgünleriniň görkezijilerini görkezmek; belli bir döwürde guýynyň öndürijilik üýtgemelerini seljermek.

«Guýular gaznasy» programma üpjünçiligi Windows operasion ulgamynda işledilmäge niýetlenen, girizilen maglumatlary görmek üçin programma üpjünçiligiň Android operasion ulgamynda işledilmäge niýetlenen görnüşi bar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň müdirliklerindäki hünärmenler özüne degişli ulanyjy ady we açar sözüni girizip programma giriş edýärler we özleriniň garamagyndaky gaz känleri we guýulary baradaky maglumatlaryny girizýärler. Bu girizilen maglumatlar şifrlenen görnüşde merkezleşdirilen serwerde saklanýar. Maglumatlar guýular, gaz ýataklar we müdirlikler boýunça kategoriýalara bölünen. Guýular hem guýunyň ýagdaýyna görä kategoriýalara bölünen. Degişli guýynyň üstüne basyp, guýy barada giňişleýin maglumat alyp bolýar.

3) Programmirleme dili: Delphi.

4) Amala aşyrýan EHM görnüşi: IBM PC bilen kysymdaş kompýuter, Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb, gaty disk – 100 GB.

5) EHM üçin programmanyň göwrümi: 56 594 733 baýt.