tm en ru
img

ELEKTRON AMMAR

Programmanyň maksady – nebitgaz pudagyndaky edara-kärhanalarynyň ammarlaryndaky harytlaryny elektron ýagdaýda hasabat ýöretmek üçin düzülen.

Programma Her bir ammar ýa-da bir ammarda iki we ondan köp bolan ulanyjy üçin harytlar baradaky maglumatlary bellenilen aragatnaşygyň kömegi bilen girizýär. Degişli edara-kärhananyň ammarlarynyň harytlary baradaky maglumatlary, şol edara-kärhananyň dolandyryjy “administrator” gerekli harydy haýsy ammarda, näçe sany bardygyny we onyň iberiş traýektoriýasyny doly gözegçilik edýär. Müdirliklere degişli her bir ammarlar öz maglumatlaryndan başga, beýleki müdirliklere degişli bolan ammaryň maglumatlaryny görüp bilmeýär.

Programmanyň interfeýsiniň aşagynda harydy çykarmak, goşmak, redaksirlemek we aýyrmak ýaly düwmeler ýerleşdirilen. Düwmeleriň sag tarapynda Hasabatlary “Excel” ýa-da “Word” programma eksport edip bolýar. Umaman aýdaňda bu “Elektron Ammar” programma üpjünçiligi ammardaky bar bolan harytlary gözegçilik etmäge doly ýardam berýär. Programma sada  we düşünikli dilde ýazylan we ilkinji gezek türkmen dilinde taýýarlanylan. Programmanyň android üçin hem taýýarlanylan.